Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda iki sany täze oba açyldy

23.09.2023, 06:0830,719
1 / 2

22-nji sentýabrda Gökdepe etrabynda täze, döwrebap obalaryň ikisi — Nurly zaman we Köpetdagyň ýalkymy obalary açyldy.

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 21-nji sentýabryndaky kararyna laýyklykda, Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýerlere oba derejesi berildi.
Nurly zaman obasynyň açylyş dabarasy türkmeniň gelin toýy we onuň däpleri bilen dowam etdi. Häzirki döwürde medeni-ruhy we maşgala gymmatlyklaryna ygrarly halkymyz asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ajaýyp toý däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirýär.
Köpetdagyň ýalkymy obasynda hem baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde maşgalada täze bäbegiň dünýä inmegi mynasybetli geçirilen toýda nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlarymyz öz beýanyny tapdy. Onda bäbejige bagtly durmuş, berk jan saglyk we ähli gowulyklary arzuw etmek bilen utgaşýan däp-dessurlary synlamak bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.