Baýramçylyk günlerinde ähli edara-kärhanalarda gije-gündiziň dowamynda nobatçylyklar guralar

23.09.2023, 18:3933,089

Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we ähli edara-kärhanalaryň, häkimlikleriň ýolbaşçylaryna gije-gündiziň dowamynda nobatçylygy guramagy tabşyrdy. Bu barada Hökümet mejlisinde bellenilip geçildi.

Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, baýramçylyk günlerinde örän köp çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy bilen baglylykda, döwlet serhedinden başlap, ýurdumyzyň içinde tertip-düzgüniň berk berjaý edilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.