Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýurdumyzyň üstünlikleriniň esasynda Döwlet Garaşsyzlygy durýar

24.09.2023, 11:398,477

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň üstünlikleriniň esasynda Döwlet Garaşsyzlygy durýandygyny belledi.

Bu barada Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň garaşsyzlyk we döwletlilik, watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik düşünjeleri gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar.

«Bu düşünjeler biziň günlerimizde halklaryň ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän milli we umumadamzat ähmiýetli taglymatlara öwrüldi. Milli bitewüligi emele getirip, döwlet Garaşsyzlygynyň esaslaryny düzdi» – diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerine görä, biziň beýik ýeňişlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň Döwlet Garaşsyzlygy durýar. «Garaşsyzlyk bize döretmäge – kuwwat, gurmaga – güýç, рarahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga – egsilmez ylham berýär!» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.