Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy

25.09.2023, 15:477,953

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklady.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy, Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.