Wanessa Redgreýw Ýewropa kinoakademiýasynyň abraýly baýragy bilen sylaglanar

27.09.2023, 08:332,946

Aktrisa Wanessa Redgreýw Ýewropa kinoakademiýasynyň abraýly «Kinematografiýanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» baýragy bilen sylaglanar. Bu barada baýragyň resmi web sahypasynda habar berildi.

86 ýaşly aktrisa baýragy 9-njy dekabrda Berlinde geçiriljek 36-njy baýrak gowşurylyş dabarasynda alar.
Wanessa Redgreýw alty gezek «Oskar» baýragyna dalaşgärlige hödürlendi. Ol Amerikanyň kinoakademiýasynyň bu baýragyna bir gezek – Fred Sinnemanyň «Juliýa» filminde ýerine ýetiren keşbi üçin mynasyp boldy.
Ondan öň bu baýrak bilen Federiko Fellini, Alek Ginness, Riçard Harris, Judi Denç, Roman Polanski, Aleksandr Sokurow we beýlekiler sylaglandylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.