Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa saparynyň öňüsyrasynda iş maslahatyny geçirdi

29.09.2023, 00:3313,594

28-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa  Federatiw Respublikasyna amala aşyrjak saparynyň öňüsyrasynda iş maslahatyny geçirdi. Wekiliýete Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolbaşçylyk eder.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň,  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyryljak  iş saparyna görülýän taýýarlyk işleri  barada hasabaty bilen çykyş etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa iş saparynyň maksatnamasynda «Merkezi Aziýa ýurtlary + GFR» görnüşinde duşuşygyň geçirilmegi, iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi esasynda dürli ugurlar boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi babatda täze gözýetimleri açýan ugurlary ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.