Yragyň Prezidentiniň ýakyn wagtda Türkmenistana resmi sapary meýilleşdirilýär

09.10.2023, 13:544,392

5—8-nji oktýabr  aralygynda Döwlet ministriniň – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet  Bagdat şäherinde gulluk iş saparynda boldular.  Şol saparyň çäklerindäki gepleşiklerde Yragyň Prezidentiniň Türkmenistana ýakyn wagtda resmi saparda bolmaga taýýardygy bellenildi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammet Şiýa as-Sudany tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Yrak Hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistan  bilen hemmetaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine öz ýurdunyň taýýardygyny hem-de  maksat edinýändigini belledi. Şol gatnaşyklarda energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolar. 
Premýer-ministr as-Sudany baý uglewodorod serişdeleriniň bardygyna garamazdan, Yragyň milli ykdysadyýetiniň we ilatynyň gaza hem-de elektrik energiýa bolan barha artýan islegleri Yraga gazyň daşary ýurtlardan iberilişiniň möçberleriniň artdyrylmagynyň zerurdygyny şertlendirýändigini aýratyn nygtady.  Şunuň bilen baglylykda, ol iki ýurduň döwlet energetika düzümleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary mübärekledi we olaryň iş ýüzünde tiz durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi. 
Gepleşikleriň netijeleri boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.