Türkmenistanyň DIM-inde ÝHHG-niň häzirki Başlygy bilen duşuşyk geçirildi

10.10.2023, 04:344,024

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝHHG-niň häzirki Başlygy, Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani bilen duşuşygy geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň ugurlary maslahatlaşyldy.
Energiýa howpsuzlygy, ulag we ekologiýa ýaly ugurlar boýunça ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.