Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystana iş saparyny tamamlap, Aşgabada geldi

14.10.2023, 08:3010,827

13-nji oktýabrda Bişkekde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi tamamlanandan soň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna «Ala-Arça» döwlet kabulhanasynyň «Enesaý» kabul edişlikler öýünde resmi agşamlyk naharyny berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny tamamlap, “Manas” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.
Bu ýerde Gyrgyz Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow Serdar Berdimuhamedowy saparyň üstünlikli bolmagy bilen, mähirli gutlap, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde netijeli gatnaşyklary ösdürmekdäki işjeň ornuny belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.