EA Sports FC 24 Ýewropada sentýabr aýynyň iň köp satylan oýny boldy

21.10.2023, 15:116,647

GSD analitik kompaniýasy Ýewropada sentýabr aýynda wideo oýunlarynyň satuwy baradaky maglumatlar bilen paýlaşdy. Bu gezek taslamalaryň sanly satuwy-da hasaba alyndy diýip, championat.com habar berýär.

Şeýlelikde, sentýabr aýynda Ýewropadaky satuwlaryň lideri aýyň ahyryna çykandygyna garamazdan EA Sports FC 24 boldy. Ýöne onuň görkezen netijesi geçen ýylky FIFA 23-e garanda pesdir. Ikinji orny Starfield eýeledi. “Skaýrimiň” awtorlaryndan kosmos oýnuna Xbox üçin uly satuw bolmak başartmady – bu tituly henizem Forza Horizon 5 saklaýar. Üçlügi ýene bir sport simulýatory NBA 2K24 jemleýär.
Ilkinji onluga Hogwarts Legacy, GTA 5, Mortal Kombat 1 we The Crew Motorfes hem girdi.
Ýewropada sentýabr aýynyň iň köp satylan oýunlary:

  1. EA Sports FC 24;
  2. Starfield;
  3. NBA 2K24;
  4. The Crew Motorfest;
  5. Mortal Kombat 1;
  6. Payday 3;
  7. GTA V;
  8. Red Dead Redemption 2;
  9. Titanfall 2;
  10. Hogwarts Legacy.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.