Türkmenistan 2024-nji ýylda «Merkezi Aziýa — ÝB» ministrler duşuşygyny kabul etmäge taýýar

24.10.2023, 18:159,363

23-nji oktýabrda Lýuksemburgda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» atly 19-njy ministrleriň duşuşygyna gatnaşyjylar indiki ýubileý duşuşygynyň 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegini goldadylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Lýuksemburgda geçirilen ministrler duşuşygynyň netijesinde ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin Bilelikdäki Ýol kartasy, şeýle hem ÝB-Merkezi Aziýa ministrleriniň 19-njy duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.