Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýä bardy

25.10.2023, 16:5016,894

Şu gün, 25-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna bardy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe wagtdan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Türkiýe Respublikasynyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen «Esenboga» Halkara howa menzilinde gondy.
Howa menzilinde Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Saparynyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikleri geçirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.