Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Wan der Belleni Awstriýanyň Milli güni bilen gutlady

26.10.2023, 08:262,862

Prezident Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene we ýurduň ähli halkyna Awstriýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Awstriýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.
Awstriýanyň Milli güni 26-njy oktýabrda bellenilip geçilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.