Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Azerbaýjanyň täze ilçisi bilen duşuşdy

01.11.2023, 12:136,593

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Azerbaýjan Respublikasynyň täze bellenen ilçisi Gismat Gozalow bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy.

Türkmen parlamentiniň ýolbaşçysy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basandygyny, muňa ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, soňky ýyllarda işjeň ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň oňyn täsirini ýetirendigini belledi.
Dünýägözel Gulmanowa ýurtlaryň arasynda syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary, hususan-da, parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini nygtady.
Ilçi Gismat Gozalow Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesi dürli ugurlarda gatnaşyklar üçin täze gözýetimleri açýar diýip. news.day.az neşiri habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.