BMG Arkadag şäherinde geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýaşlar forumynyň wekilleriniň ýüzlenmesini neşir etdi

02.11.2023, 13:033,648

2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda ýurdumyzyň Arkadag şäherinde geçirilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly Halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň we Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň resmi resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi. Bu barada Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasy habar berdi.

“Dialog – parahatçylygyň kepili” atly ýaşlar forumy BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işjeň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan gurnaldy.
Gibrid görnüşinde geçirilen çäräniň işine Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyly parahatçylygyň kepili hökmünde Halkara dialog ýyly diýip yglan etmek baradaky rezolýusiýasynyň awtordaş döwletlerinden ýaş liderler, işjeňler, talyplar, telekeçiler we täzelikçiler gatnaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.