Serdar Berdimuhamedow «Mary — Ahal» asma elektrik geçirijisini ulanyşa girizdi

03.11.2023, 13:039,997

Şu gün, 3-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Mary — Ahal» asma elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutany täze energetika desgasynyň – Türkmenbaşy etrabynda guruljak kuwwatlylygy 1574 megawatta deň bolan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulýan ýerine bardy.
Serdar Berdimuhamedow bu ýerden sanly ulgam arkaly «Mary — Ahal» asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge we ýurdumyzyň bitewi elektrik ulgamyna birikdirmäge ak pata berdi. Mary we Ahal döwlet elektrik stansiýalarynyň hünärmenleri düwmäni basmak bilen täze asma elektrik geçirijisini ulanmaga berdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.