Astana sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar

03.11.2023, 10:3618,444

Türki Döwletleriň Guramasynyň Astana şäherinde geçirilen 10-njy mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Bu barada gazak Lideriniň saýtynda habar berilýär.

Gol çekilen resminamalar:

  1. Astana akty;
  2. Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitiniň Jarnamasy;
  3. Döwlet Baştutanlarynyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe “Türki dünýäsiniň ýokary ordeni” bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi;
  4. Döwlet Baştutanlarynyň türki döwletleriň maliýe merkezleri derejesini bermek hakyndaky çözgüdi;
  5. Türki hyzmatdaşlyk guramasynyp täze baýdagyny kabul etmek hakyndaky çözgüt;
  6. Döwlet Baştutanlarynyň wezipä bellemek baradaky çözgüdi;
  7. Türki Döwletleriň Guramasynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna synçy derejesini bermek hakyndaky çözgüt;
  8. 6-njy fewraly Türki Döwletleriniň Guramasynyň betbagtçylykda we raýdaşlykda aradan çykanlary ýatlama güni hökmünde tassyklamak hakynda çözgüt;
  9. Türki Döwletleriň Guramasynyň sekretariatynyň býujetini dolandyrmak düzgünleri boýunça çözgüt;
  10. “Türki Döwletleriň Guramasynyň hemişelik wekilleriniň ýagdaýyny” işläp düzmek hakyndaky çözgüt;
  11. Türki Döwletleriň Guramasynyň agza döwletleriniň degişli edaralarynyň arasynda metrologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnama;
  12. 12. Türki Döwletleriň Guramasynyň döwletleriniň arasynda 2023-2027-nji ýyllarda ulag aragatnaşygy maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasy (Ýol kartasy).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.