Samsung Galaxy S24 Ultra ýedi reňkde görkezildi

05.11.2023, 12:3518,141
1 / 2

Iki hepde mundan öň analitik we insaýder Ross Ýang (Ross Young) geljekki Samsung Galaxy S24 flagmanlarynyň reňk öwüşginlerini mälim etdi. Onuň sözlerine görä, enjamlar dört reňkde hödürlener: gara, çal, benewşe we sary. Indi bolsa Phone Arena çeşmesi bu maglumatlary wizuallaşdyrdy.

Renderler ozal Internetde neşir edilen Galaxy S24 Ultra -nyň CAD şekillerine esaslanýar. Birinji suratda dört esasy reňk, ikinjisinde bolsa üç sany goşmaça reňk bar - mämişi, açyk gök we açyk ýaşyl. Insaýderiň sözlerine görä, bu reňkdäki Galaxy S24 diňe resmi Samsung dükanlarynda hödürlener.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.