Häkimler Türkmenistanyň Prezidentine welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdiler

06.11.2023, 22:0512,520

Şu gün, 6-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri ýerlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Mundan başga-da, häkimler Hasyl toýuny dabaraly belläp geçmäge taýýarlyk görlüşi, şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän  dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, wise-premýer noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilip geçiljek Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işler babatda anyk görkezmeleri berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.