Arkadag şäheriniň häkimi Germaniýada iş saparynda bolar

12.11.2023, 17:1818,287

Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 13-18-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.

Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. wekiliýet saparynyň barşynda jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan tygşytlylyk hem-de ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara talaplaryna laýyk gelýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ugurdaş tehnikalaryň, gurallaryň we enjamlaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.