Türkmenistanyň ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary bilen duşuşdy

14.11.2023, 08:108,189
12-nji noýabrda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hammadi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar. Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady bilen, iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň möhümdigini bellediler. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda hem bilelikdäki işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynyň zerurlygy nygtaldy.
Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.