Türkmenistan Parižde maýa goýum forumyny geçirer

15.11.2023, 13:404,980

2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň energetika maýa goýum forumy geçiriler. Halkara forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmenengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti we «GaffneyCline» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralar diýip, OGT-niň Metbugat gullugy habar berýär.

«Bu çäräniň maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli segmentlerine göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we energetika pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny güýçlendirmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat» diýlip, habarda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, forumyň çäklerinde nebit we gaz öndürmek, ulag we ýangyjy gaýtadan işlemek pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegine serediler. Foruma dünýä belli hünärmenler we halkara energetika ägirtleri gatnaşarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.