Türkmenistan ýadro howpsuzlygy boýunça Halkara atom energiýasy agentliginiň 2 sany konwensiýasyna goşuldy

15.11.2023, 15:3012,169

2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda türkmen wekiliýeti Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň (IAEA) Baş direktory Rafael Grossä «Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky konwensiýa» hem-de «Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky konwensiýa» Türkmenistanyň goşulýandygy baradaky Güwänamalaryň asyl nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy habar berdi.

Güwänamalar IAEA-iň Baş direktoryna Agentligiň Wena şäherinde ýerleşýän baş binasynda gowşuryldy we onuň çäklerinde Türkmenistan bilen IAEA-iň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlary barada özara pikir alşyldy.
Güwänamalar gowşurylandan 30 gün soň güje girýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.