Türkmenistanda pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak üçin teklipler taýýarlanylar

16.11.2023, 23:2531,242

Prezident Serdar Berdimuhamedow daýhanlary ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan şertleri üpjün etmegiň,  degişli teklipleri taýýarlamagyň  wajypdygyna ünsi çekdi. Bu barada döwlet Baştutanynyň Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda bellenilip geçildi.

Munuň özi daýhanlaryň ýere bolan höwesiniň has-da artmagynda, olaryň çekýän yhlasly zähmetinde uly hyjuw döretmeginde, ýerleriň hakyky eýesiniň tapylmagynda,  öndürilýän önümleriň möçberleriniň yzygiderli artmagynda we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda  aýratyn ähmiýetlidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.