Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlandy

17.11.2023, 23:465,689

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) agzalygyna 2023-2027-nji ýyllar üçin biragyzdan saýlanyldy. Bu hoş habary wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu habary kanagatlanma bilen  kabul edip we mejlise gatnaşyjylara hem-de ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habara ünsi çekdi. Döwlet Baştutany hemmeleri Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyna 2023-2027-nji ýyllar üçin saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, biz muňa ýurdumyzyň alyp barýan oňyn bitaraplyk daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde baha berýäris diýip belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.