Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Tokionyň Tehnologiýa institutynyň hormatly professory bilen duşuşdy

18.11.2023, 10:127,035

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ýapon assosiasiýasynyň başlygy, Tokionyň Tehnologiýa institutynyň hormatly professory Hideomi Koinuma bilen duşuşyp, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýy barada pikir alyşdy.

“Gepleşikleriň dowamynda ylym, bilim we tehnologiýa pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüşi bellenildi. Taraplar ylym we bilim pudagynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler” – diýlip, Türkmenistanyň Tokiodaky diplomatik wekilhanasynyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen özara gatnaşygyň hukuk binýadyny berkitmäge degişli pikirler diňlenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.