Gyrgyzystanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçiriler

20.11.2023, 22:099,543

27-28-nji noýabrda Bişkekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçiriler. Bu barada Trend habar berýär.

Şu ýyl şeýle duşuşyk eýýäm 13-nji gezek geçiriler. Bu çäre her ýyl MA ýurtlarynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň howandarlygynda aýlawly ýagdaýda geçirilýär.
Duşuşygyň maksady Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensiýalar barada pikir alyşmakdan, şeýle-de Sebit merkeziniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri bilen özara gatnaşygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.