Magtymgulynyň 300 ýyllygy ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi

24.11.2023, 16:296,091
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda UNESСO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasy habar berdi.
Bu çözgüt 21-nji noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESСO) Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen kararnama laýyklykda kabul edildi. Ony Türkmenistan öňe sürdi.
Bu waka dünýä edebiýatynda we halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan türkmen nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň eýeleýän möhüm ornunyň hem-de ähmiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolup durýar.  
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.