Serdar Berdimuhamedow Dubaýa iş sapary tamamlap, Aşgabada geldi

03.12.2023, 17:0313,370

2-nji dekabrda Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyza dolandy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.  
Howa menzilinde BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili  Serdar Berdimuhamedowy BMG-niň Bütindünýä howa sammitine (COP-28) üstünlikli gatnaşmagy hem-de onuň çäklerindäki duşuşyklaryň netijeli geçmegi bilen gutlady hem-de gazanylan ylalaşyklaryň ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, sammitde öňe sürlen başlangyçlaryň häzirki günüň derwaýys meseleleriniň biri bolan ekologiýa meselelerini çözmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy. Şeýle hem saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolundaky möhüm ädim bolandygy bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.