Türkmenistan ilkinji gezek Halkara sergiler býurosynyň komitetine saýlandy

05.12.2023, 11:492,631

Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň administratiw we býujet meseleleri boýunça komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlandy. Bu çözgüt guramanyň Baş assambleýasynyň 173-nji sessiýasynyň çäklerinde kabul edildi.

Sessiýanyň işine Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew, Söwda we senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri gatnaşdy.

“Soňra EKSPO-2030 Bütindünýä sergisini geçirmek üçin ses berişlik başlandy. Ses berişligiň netijesinde EKSPO-2030 Bütindünýä sergisini geçirjek ýurt Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäheri boldy” – diýlip, türkmen diplomatik wekilhanasynyň habarynda aýdylýar.

Saýlawlaryň dowamynda EKSPO-2030 Bütindünýä sergisini guramak üçin dalaşgärleriň taslamalary hödürlendi. Saud Arabystanyndan başga-da, esasy dalaşgärler Italiýa bilen Koreýa Respublikasy boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.