Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna goşuldy

06.12.2023, 17:433,839

Bostwananyň Kasane şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji sessiýasynda Ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizmek kararyna gelindi. Bu barada Orient habar berýär.

Türkmenistan tarapyndan hödürlenen nominasiýany Hökümetara komitetiň 24 agza döwletiniň ählisi biragyzdan goldady. Şeýle-de, garaşsyz hünärmenler we BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň baha beriji topary bu babatda ýokary we oňyn baha berdiler.
Sessiýanyň birinji gününde Komitet 15 milli nominasiýany gözden geçirdi. 9-njy dekabra çenli dowam etjek mejlisiň çäklerinde Hökümetara komitetiň ýene 40 nominasiýany gözden geçirmegine garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.