Türkmenistanyň daşary syýasat Konsepsiýasynda 2023-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirildi

12.12.2023, 00:1913,322

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigini kanagatlanma bilen belledi. 

Serdar Berdimuhamedow ata Watanymyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň oňyn Bitaraplygyň mizemezlik ýörelgelerine esaslanýandygyny hem-de ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirilen parahatçylyk,  hoşniýetli goňşuçylyk we halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi hem-de ýurdumyzyň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjäün etmäge gönükdirilen dostluk we ynanyşmak syýasatyny geljekde-de dowam etjekdigini aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.