Toni Fergýuson yzygider ýedinji söweşinde ýeňlişe sezewar boldy

17.12.2023, 23:4423,092

Las-Wegas şäherinde geçirilen UFC 296 ýaryşynda amerikaly Toni Fergýuson britaniýaly Peddi Pimblettden ýeňildi.

Söweş üç raund dowam etdi we emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi netijesinde ABŞ-nyň wekiliniň ýeňlişi bilen tamamlandy.
Fergýuson üçin bu ýeňliş yzygiderli ýedinji boldy. Indi onuň hasabynda 25 ýeňiş we on ýeňliş bar.
Agşamyň esasy söweşinde angliýaly söweşiji Leon Edwards amerikaly Kolbi Kowington bilen duşuşdy. Edwards ýarym orta agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.