GDA ýurtlary medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça beýannama gol çekdiler

19.12.2023, 18:294,590

GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlary medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi barada bilelikdäki beýannama gol çekdiler. Bu resminama medeniýetleriň arasyndaky dialogy dowam etdirmäge gönükdirilendir diýip, RF-iň wise-premýeri Alekseý Owerçuk belledi. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Duşenbe güni Moskwada GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşi geçirildi. Mejlis ýurtlaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlandy.

“Şu günki mejlisiň netijesinde hökümet baştutanlary medeniýetleriň arasyndaky dialogy dowam etdirmegi we ösdürmegi, şeýle-de bilim pudagynda, milli dillerimizi ösdürmek gurşawynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän medeni we ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi barada beýannama gol çekdiler” – diýip, Owerçuk Geňeşiň mejlisinden soň žurnalistlere aýtdy.

Ol beýannamada medeni ugurda institusional hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli aýratyn bölegiň bardygyny belledi.

“Gastrollar, kinofestiwallar, sergiler – biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy mundan beýläk-de ýakynlaşdyrjak dürli medeni çäreler geçiriler” – diýip, RF-iň wise-premýeri sözüniň üstüni ýetirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.