Türkmenistanda sanly we neşir görnüşinde Magtymguly Pyragy ensiklopediýasy taýýarlanylýar

23.12.2023, 04:155,520

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmenaragatnaşyk» agentligi degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny sanly we neşir görnüşinde taýýarlamak, Magtymguly Pyragy portalyny döretmek ugrunda degişli işleri alyp barýar.

Bu barada 22-nji dekabrda Hökümet mejlisiniň dowamynda M.Çakyýew habar berdi.
Mundan başga-da, halkara derejede geçirilýän çäreleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredijilik bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.