UFC täze antidoping programmasy barada maglumat berdi

31.12.2023, 19:459,716

UFC promouşeni täze antidoping programmasy barada maglumatlar bilen paýlaşdy. ABŞ-nyň Antidoping agentligi (USADA) bilen hyzmatdaşlyk bes edilenden soň, Dana Uaýtyň ligasy Drug Free Sport International (DFSI) agentligi bilen işleşer. Bu barada championat.com habar berýär.

Bellenilişi ýaly, DFSI-niň dünýäde doping barlagy üçin nusgalary ýygnamak boýunça 5000-den gowrak işgäri bar. Nusgalary ýygnamak işi ýylda 365 gün, günde 24 sagat, hepdede 7 gün alnyp barylýar.
Türgenleriň nusgalary Bütindünýä antidoping agentligi tarapyndan ygtyýarlandyrylan ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň Solt-Leýk-Siti şäherindäki sport lukmançylygy we ylmy gözlegler barlaghanasynda seljeriler.
Şeýle-de, gadagan edilen maddalaryň sanawynyň öňki programmadaky ýaly bolup galjakdygy habar berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.