Samsung Galaxy S24 smartfonlary 17-nji ýanwarda hödürlener

04.01.2024, 14:327,397

Samsung kompaniýasy Unpacked çäresiniň senesini resmi taýdan yglan etdi. Ol 17-nji ýanwarda ABŞ-da geçiriler diýip, ixbt.com habar berýär.

Kompaniýa adatdakysy ýaly bu gün täze flagman smartfonlaryny hödürlejekdigini gönüden-göni görkezmese-de, şol bir wagtyň özünde başlanan deslapky sargytlar şol gün Galaxy AI-niň ilkinji gezek çykjakdygyny görkezýär – täze önümler şu brend bilen hödürlener.
Deslapky sargytlary ABŞ-da resmileşdirmek bolýar, onuň üçin 50 dollar arzanladyş wada berilýär. Çäräniň özi Demirgazyk Amerikanyň wagty bilen gündiz sagat 13:00-da (Aşgabat wagty bilen 23:00-da) geçiriler. Göni ýaýlym samsung.com resmi saýtynda alnyp barlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.