Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyndaky kabul edişlige indi onlaýn ýazylyp bolýar

04.01.2024, 15:2010,701

Türkiýe Respublikasynyň çäginde bolýan Türkmenistanyň raýatlary ilçihanada kabul edilmek üçin indi onlaýn görnüşde hem öňünden ýazylyp bilýärler. Munuň üçin ilçihananyň resmi web-saýtynda «Kabul edişlige ýazylmak» atly ýörite bölüm döredildi.

Kabul edişlige ýazylanda duşuşygyň maksadyny we munuň üçin amatly wagty saýlamak, şahsy maglumatlary görkezmek zerurdyr. Ilçihana meýilleşdirilen duşuşyga 15-20 minut öňünden gelmegi we şahsyýeti tassyklaýan resminama bilen kabul edişlige taýýar bolmagy maslahat berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.