Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Beýik Ruhy Liderine gynanç bildirdi

05.01.2024, 01:0836,805

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ruhy Lideri Seýed Ali Hoseýni Hameneýä ýurduň Kerman şäherinde bolup geçen köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
3-nji ýanwarda Kerman şäherinde iki sany partlama bolup geçdi. Soňky maglumatlara görä, 84 adam aradan çykdy, 284 adam şikes aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.