Änewiň türki dünýäsiniň paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň başlanjak senesi belli boldy

06.01.2024, 17:248,905

6-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralara we çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň mart aýynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň paýtagty diýlip yglan edilmeginiň hormatyna çärelere badalga bermek göz öňünde tutulýar. Medeni çäräniň çäklerinde konsert, türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi guralar.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere  Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.