Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimine käýinç yglan etdi

14.01.2024, 17:1425,351

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimi Gyşykow Agageldi Meretdurdyýewiçe käýinç yglan etdi. Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga 13-nji ýanwarda gol çekdi.

Resminamada bellenilişi ýaly, käýinç häkime etrabyň çäginde alnyp barylýan arassaçylyk, abadanlaşdyryş hem-de ýol abatlaýyş işlerinde kemçiliklere ýol berip, özüne ynanylan wezipäni talabalaýyk ýerine ýetirmeýändigi üçin berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.