«Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany üçin 172 hödürlenen teklipden 5 sanysy saýlanyp alyndy

15.01.2024, 15:358,388

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşik boýunça gelip gowşan teklipleri jemlemek  hem-de «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany hakyndaky» Düzgünnamanyň taslamasyna gaýtadan seretmek boýunça Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Ýygnagyň dowamynda Pudagara iş toparynyň agzalary tarapyndan «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşik boýunça hödürlenen 172 sany  nyşanyň şekillerinden 5 sanysy saýlanyp alyndy we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli diýen netijä gelindi.
Şeýle hem Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany hakyndaky» Düzgünnamanyň taslamasy boýunça gelip gowşan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olary  Düzgünnamanyň taslamasyna girizmek barada ylalaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.