Amerikaly Jim Miller söweşleriň we ýeňişleriň sany boýunça UFC-niň rekordlaryny täzeledi

15.01.2024, 17:5724,669

Amerikaly Jim Miller Newada ştatynyň Paradaýs şäherinde geçirilen «UFC Fight Night 234» ýaryşynda meksikaly Gabriel Benitesi ýeňdi. Miller üçünji raundda Benitesdan demikdiriji tilsimi arkaly üstün çykdy.

40 ýaşly Miller MMA-da 37-nji ýeňşini gazandy, onuň 17 ýeňlişi hem bardyr. Şeýle hem bir tutluşyk geçirilmedi diýlip yglan edildi. 35 ýaşly Benitesiň indi 23 ýeňşi we 11 ýeňlişi bar.
Miller häzirki wagtda «UFC-de» iň köp söweş (43) we iň köp ýeňiş (26) boýunça rekordyň eýesidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.