Serdar Berdimuhamedow Daniýanyň Patyşasyny tagta geçmegi bilen gutlady

15.01.2024, 18:385,791

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, Onuň Alyjenaby Frederik X Daniýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň hökümdarlyk etmegiňizde Daniýanyň durmuş-ykdysady babatda ýokary ösüşleri gazanjakdygyna, ikitaraplýyn gatnaşyklarymyza bolsa, täze itergi beriljekdigine ynanýaryn” diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Frederik X berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Daniýanyň halkyna bolsa, parahatçylyk, öňe gidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi.
14-nji ýanwarda Daniýanyň Şa zenany Margrete II uly ogly Frederigiň peýdasyna tagtdan el çekýändigi hakynda beýana gol çekdi. Onuň uly ogly Frederik X hökmünde patyşa bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.