Serdar Berdimuhamedow käbir ýolbaşçylara harby we ýörite atlary dakdy

16.01.2024, 22:3227,655

16-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň käbir ýolbaşçylaryna harby we ýörite atlary hem-de hünär derejesini berdi we degişli Permanlara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanlaryna laýyklykda,

  • Döwlet serhet gullugynyň başlygy, polkownik Ý.Nuryýewe general-maýor harby ady dakyldy.
  • Milli howpsuzlyk ministri, polkownik N.Atagaraýewe  general-maýor harby ady dakyldy.
  • Içeri işler ministri, polisiýanyň polkownigi M.Hydyrowa polisiýanyň general-maýory ýörite ady dakyldy.
  • Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, polkownik  M.Hudaýkulyýewe general-maýor  harby ady dakyldy.
  • Adalat ministri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi M.Taganowa ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesi berildi.
  • Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik A.Sazakowa polkownik harby ady dakyldy.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.