Türkmenistan Katar bilen migrasiýa ugry boýunça aragatnaşyk gurmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

19.01.2024, 16:249,783

17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katardaky ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Içeri işleri boýunça Döwlet ministri Şeýh Abdulaziz bin Faisal bin Mohammed Al Tani bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, taraplar konsullyk meselelerine degip geçdiler we migrasiýa ugry boýunça aragatnaşyk gurmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýyklygy bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.