Türkmen ilçisi Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

19.01.2024, 16:296,145

17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri, şol sanda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem şertnama-hukuk resminamalarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilçi M.Aýazow 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçjekdigi şeýle hem, Ilçihana tarapyndan türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-medeni çäreleriň birnäçesiniň geçirilmeginiň meýilleşdirýändigi barada habar berdi.
Şeýle hem duşuşykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseläniň üstünde durlup geçildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.