Türkmenistanyň we Singapuryň söwda-senagat edaralarynyň duşuşygy geçirildi

23.01.2024, 08:122,301

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Singapur döwletiniň Söwda we Senagat ministrliginiň wekilleriniň arasynda  wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewürleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändigine aýratyn ähmiýet berlip, onuň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda durlup geçildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan ─ Singapur: özara hyzmatdaşlygyň ugrunda akylly şäher, ýaşyl energetika, telekommunikasiýa, lukmançylyk we bilim ulgamlaryndaky hyzmatlar we tejribeler boýunça teklipler hödürlenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.