Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy

24.01.2024, 12:037,612

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Italiýanyň ilçihanasy habar berdi.

Bellenişi ýaly, duşuşyk örän netijeli ýagdaýda geçip, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin tagallalary dowam etdirmegi ylalaşdylar. Serdar Muhammetdurdyýew daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine 2023-nji ýylyň dekabrynda bellenipdi.
Italiýa Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Iki ýurt dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýakynda bolsa, Aşgabat we Milan şäherleriniň arasynda uçar gatnawlary ýola goýuldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.