Türkmenistan we Türkiýe 32 ýylyň dowamynda umumy bahasy 50 milliard dollarlyk 1080 taslamany üstünlikli durmuşa geçirdi

26.01.2024, 22:118,173

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan bäri türk kompaniýalary Türkmenistanda umumy bahasy 50 milliard dollardan gowrak bolan 1080-e golaý taslamany üstünlikli durmuşa geçirdiler. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň täze ilçisi Ahmet Demirok metbugat maslahatynda habar berdi.

«Bu maglumatlar, şübhesiz, Türkmenistanyň türk kompaniýalaryna bolan ynamynyň beýanydyr» diýip, diplomat nygtady.

Ol türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda elektrik stansiýalary, elektrik geçiriji we paýlaýyş liniýalary, awtoulag ýollary, ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri, uniwersitetler, mekdepler, jemgyýetçilik binalary, myhmanhanalar, zawodlar, kanallar, muzeýler, seýilgähler, hassahanalar we portlaryň gurluşygy ýaly möhüm infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirendigini belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.